«Real Moxito» we «Näzli Nar»: «PRODEXPO-2026» halkara sergisini haýran galdyran tagamlar indi Aşgabatdaky forumyň üns merkezinde

MilliInfo

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň gazananlarynyň giň gerimli sergisi öz işine başlady. Bu ýerde ýokary hilli içgileri öndürmekde öňdebaryjy hökmünde ykrar edilen «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň diwarlygy serginiň iň köp barylýan ýerleriniň birine öwrüldi.

«Ýüpekçi» kompaniýasy Aşgabatdaky sergä halkara baýraklaryň birnäçesiniň eýesi hökmünde gatnaşýar. Ýaňy-ýakynda Moskwada geçirilen abraýly «PRODEXPO-2026» forumynda kompaniýanyň «Real Moxito» we «Näzli Nar» brendleri «Ýokary sarp ediş aýratynlyklary üçin» ugrundan altyn medala we I derejeli diploma mynasyp boldy.

Şu ýyl kompaniýa esasy ünsüni ýokary hilli, ýagny premium önümlere we görnüşleriň artdyrylmagyna gönükdirdi:

Sergä gelýänlerde «Softea» sowuk çaýlary, «Näzli» mineral suwy, şeýle hem häzirki zaman demir gaplardaky (bankadaky) içgiler, şol sanda meşhur «Näzli Nar» tagamy aýratyn gyzyklanma döretdi.

Witaminleşdirilen içgiler toplumy garaşylan täze önümler — demir gapdaky «BOLD Zero» we «BOLD Berry» bilen baýlaşdyryldy. Indi bu tagamlar 250 ml ölçegdäki ykjam we owadan gaplarda hem elýeterlidir. Şeýle hem sergide «Softea», «Näzli», «Bulvar», «7Gen», «Hoşal kids» ýaly önümler görkezilýär.

«Ýüpekçi» kompaniýasynyň diwarlygy diňe bir şireleriň we serginlediji içgileriň köpdürlüligi bilen däl, eýsem, özüne çekiji we dinamiki bezegi bilen hem tapawutlanýar. Döwrebap dizaýn kompaniýanyň dünýä brendleri bilen üstünlikli bäsleşmäge ukyply we halkara hil standartlaryna doly derejede laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly kärhanadygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolmak bilen, «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti peýdalylygy we ajaýyp tagamy utgaşdyrýan önümlerini içerki we daşarky bazarlara hödürlemek bilen, ygtybarly hyzmatdaş we täzeçilligi öňe sarýän tarap hökmündäki abraýyny berkitmegini dowam etdirýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info