«Real Madrid» täze baş tälimçisini yglan etdi: Topar Habi Alonso bilen hoşlaşdy

MilliInfo

13 Ýanwar, 2026

«Real Madrid» futbol kluby özüniň resmi saýtynda toparyň baş tälimçisi Habi Alonsonyň wezipesinden gidendigi habar berildi.

Klubuň resmi habarynda Alonsonyň wezipesinden gitmeginiň taraplaryň özara ylalaşygy esasynda amala aşyrylandygy nygtalýar. «Real» Habi Alonsony klubuň rowaýaty diýip atlandyryp, «Real Madridiň» gapysynyň onuň üçin hemişe açykdygyny belledi.

Boşan baş tälimçi wezipesine klubuň özünde ýetişen oýunçy Alwaro Arbeloa bellenildi.

Alwaro Arbeloa futbolçy hökmünde «Real Madridiň» düzüminde 238 resmi duşuşyk geçirip, sekiz sany uly baýraga mynasyp boldy. Ol «Şa kluby» bilen birlikde Çempionlar ligasynyň 2 gezek ýeňijisi, La Liganyň çempiony, Ispaniýanyň Kubogynyň we Superkubogynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň hem-de klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy. Şeýle-de, Arbeloa Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2010-njy ýylda dünýä çempiony, 2008-nji we 2012-nji ýyllarda bolsa Ýewropanyň çempiony diýen derejelere eýe boldy.

«Real Madrid» täze tälimçiniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji duşuşygyny çarşenbe güni, 14-nji ýanwarda geçirer. Topar Ispaniýanyň Kubogynyň 1/8 finalynyň çäginde myhmançylykda «Albasete» bilen duşuşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info