«Real» Fransiýanyň ýygyndysynyň oýunçysyny transfer etdi

MilliInfo

18 Iýun, 2026

«Real» Fransiýanyň ýygyndysynyň oýunçysyny transfer etdi

«Real» futbol kluby merkezi goragçy Ibraima Konate bilen şertnama baglaşdy. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär. Oýunçy bilen baglaşylan ylalaşyk 2030-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir. Futbolçy täze toparyna erkin agent hökmünde goşuldy.

Konate 27 ýaşynda bolup, ol 2021-nji ýyldan bäri Angliýanyň «Liwerpul» toparynda çykyş edip gelýärdi. Ol bu toparyň düzüminde 183 duşuşyk geçirip, 7 gol we 4 netijeli pas bilen tapawutlandy. Fransuz goragçysy «mersisaýdlylaryň» düzüminde Angliýanyň çempionlygyny (2025), iki gezek Angliýanyň ligasynyň kubogyny (2022, 2024), şeýle-de bir gezek ýurduň kubogyny (2022) we superkubogyny (2022) gazandy. Mundan başga-da, goragçy Germaniýanyň «Leýpsig» we Fransiýanyň «Soşo» toparlarynda hem çykyş etdi.

Konate Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda kümüş medalyň we 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda bürünç medalyň eýesi boldy. Futbolçy häzirki wagtda dowam edýän Dünýä çempionaty - 2026-da hem Fransiýanyň ýygyndysynyň sanawyna wekilçilik edýär, ýöne ol toparyň dörtýyllygyň futbol baýramyndaky ilkinji duşuşygynda ätiýaçda oturdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info