«Real» ýaş ýyldyzyny resmi taýdan kärendesine ugratdy

MilliInfo

6 Ýanwar, 2026

Madridiň «Realynyň» we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň 19 ýaşly hüjümçisi Endrik 2025/26-njy ýyllaryň möwsüminiň ahyryna çenli Fransiýanyň «Lion» toparynda kärendesine çykyş eder.

Hüjümçiniň mümkinçilikleri bilen gyzyklanan toparlaryň sany 15-e ýetdi, emma diňe Liga-1-iň wekili oňa Madridde tälimçi Habi Alonsonyň gelmegi bilen mahrum bolan oýun tejribesini kepillendirdi.

Braziliýaly futbolçynyň kärendesi «Lion» üçin 1 million ýewro düşdi, şeýle hem klub Endrigiň 5,2 million ýewro möçberindäki zähmet hakynyň ýarysyny tölemek borjuny öz üstüne aldy. Futbolçy eýýäm täze topary bilen türgenleşiklere goşuldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info