«RB Leýpsigiň» ganatdaky hüjümçisi Ýan Diomand «Real Madridiň» täze oýunçysy bolar. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano habar berdi.
Ýekşenbe güni, 26-njy iýulda kot-d'iwuarly oýunçynyň transferi boýunça «RB Leýpsig» topary bilen ylalaşyk gazanyldy: transfer bahasynyň 100 million ýewrodan geçjekdigi aýdylýar. Diomand şu hepdäniň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçmek we 2031-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenen şertnama gol çekmek üçin Madride ugrar.
2007-nji ýylda doglan zehinli futbolçyny öz hataryna goşmak üçin Ispaniýanyň Şa kluby Ýewropanyň ägirt toparlarynyň güýçli bäsdeşligini ýeňip geçmeli boldy. Ilki bilen «Liwerpul» 90 million ýewro we goşmaça 10 million ýewro bonus teklip etdi, ýöne olar Diomandy özüne çekip bilmediler. Sebäbi ýaş ýyldyz diňe «Santýago Bernabeu» stadionynda oýnamagy isleýärdi.
Şol bir wagtyň özünde, «PSŽ» toparyň häzirki aýlyk haklarynyň tertibini bozmazlyk üçin bu bäsdeşlikden wagtyndan öň çekilmek kararyna geldi. «Real Madridiň» tiz we kesgitleýji ädimleri olary bu uly transferiň ýeke-täk ýeňijisine öwürdi.
Geçen möwsümde Diomand ähli ýaryşlarda jemi 36 oýna gatnaşyp, 13 gol we 10 ýardam pasyny öz adyna ýazdyrdy. «Transfermarkt» portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň häzirki bazar bahasy 90 million ýewro barabardyr.
