Madridiň «Realy» Ispaniýanyň La Ligasynyň 30-njy tapgyrynyň oýnunda «Malýorka» toparyndan 1:2 hasabynda utuldy. Bu ýeňliş «Real» üçin Ispaniýanyň çempionatynyň soňky alty duşuşygyndaky üçünji şowsuzlyk boldy.
Ýeňiji toparyň gollaryny Morlanes (41) we Muriki (90+1) geçirdi. «Realyň» ýeke-täk goluny bolsa Militao (88) öz adyna ýazdyrdy.
Mundan ozal, Madridiň kluby 25-nji tapgyrda «Osasunadan» (1:2) we 26-njy tapgyrda «Hetafe» toparyndan (0:1) asgyn gelipdi.
Ispaniýanyň çempionatynyň 30 oýnundan soň, Madridiň «Realy» 69 utuk toplap, ýaryş tertibinde ikinji orunda barýar. «Malýorka» bolsa 15-nji orna geçdi. Toparyň hasabynda 31 utuk bar.
«Atletiko» — «Barselona» 1-2
Tapgyryň merkezi duşuşygynda «Barsa» myhmançylykda «Atletikony» ýeňdi. Oýunda ilkinji goly 39-njy minutda «Atletikonyň» hüjümçisi Juliano Simeone geçirdi. Myhmanlaryň hüjümçisi Markus Reşford bolsa 42-nji minutda hasaby deňledi.
Ýerli toparyň ýarym goragçysy Nikolas Gonsales Lamin Ýamala garşy oýun düzgünini bozany üçin göni gyzyl kart alyp, 45+7-nji minutda meýdançadan çykaryldy. «Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski 87-nji minutda gol geçirip, oýnuň gutarnykly hasabyny (2:1) kesgitledi.
Ispaniýanyň çempionatynyň 30 oýnundan soň «Barselona» 76 utuk toplap, ýaryş tertibiniň lbaşyny çekýär. «Atletiko» bolsa 57 utuk bilen dördünji orunda barýar.