Ispaniýanyň futbol çempionatynyň iň uly we dartgynly duşuşyklarynyň biri — «El-Klasiko» şu möwsüm ilkinji gezek 26-nji oktýabrda geçiriler. La Liga bu duşuşygyň anyk senesini we wagtyny resmi taýdan yglan etdi.
Duşuşyk ýekşenbe güni «Santýago Bernabeu» stadionynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen 20:15-de başlanar.
«Real Madrid» täze möwsüme güýçli depginde başlady: topar ilkinji alty tapgyryň ählisinde hem ýeňiş gazanyp, 18 utuk toplady. «Barselona» bolsa bäş oýunda 13 utuk gazandy (4 ýeňiş, 1 deňlik). Hans Fligiň ýolbaşçylygyndaky topar altynjy tapgyrdaky duşuşygyny entek geçirmedi.
«El-Klasiko» «Real» bilen «Barselonanynyň» arasynda geçirilýän dünýäniň iň gyzykly futbol duşuşygy bolup, her ýyl millionlarça tomaşaçynyň ünsüni çekýär.

