«Real» Çempionlar ligasynda «Monakony» tennis hasaby bilen utdy — 6:1

MilliInfo

21 Ýanwar, 2026

2025/2026-njy ýyllaryň UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 7-nji aýlawynyň ilkinji oýunlary geçirildi.

Madridiň «Realy» öz meýdanynda «Monako» toparyny kabul etdi. Madriddäki meşhur «Santýago Bernabeu» stadionynda geçirilen oýun ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçip, 6:1 hasabyndaky ýeňiş bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 5-nji minutynda «Realyň» hüjümçisi Kilian Mbappe hasaby açdy. 26-njy minutda fransuz ýyldyzy dubl edip, hasaby 2:0-a ýetirdi. Ikinji ýarymyň başynda «Realyň» täze ýyldyzy Franko Mastantuono hasaby has-da artdyrdy. 55-nji minutda «Monakonyň» goragçysy Tilo Kereriň öz derwezesine geçiren goly (awtogol) madridlileri has-da ruhlandyrdy. 63-nji minutda bolsa hüjümçi Winisius Žunior «Korollyk klubynyň» bäşinji goluny geçirdi.

«Monako» toparyndan 72-nji minutda Jordan Teze tapawutlanyp, hasaby biraz ýygyran bolsa-da, 80-nji minutda Jud Bellingem duşuşygyň ahyrky nokadyny goýdy. Netije — 6:1.

Ýaryş tertipnamasyndaky ýagdaý:
Geçirilen 7 oýundan soň, Madridiň kluby 15 utuk toplap, umumy sanawda ikinji orny eýeleýär. Monegaslar (Monako) bolsa 9 utuk bilen 20-nji orunda ýerleşýärler. Indiki tapgyrda (29-njy ýanwara geçilýän gije) «Real» myhmançylykda «Benfikanyň» garşysyna çyksa, «Monako» öz meýdanynda «Ýuwentus» bilen duşuşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info