Madridiň «Realy» Ispaniýanyň Kubogynyň 1/8 finalynyň çäginde geçirilen duşuşygy garaşylmadyk netije bilen jemledi. Madridliler «Albasete» toparyndan 2:3 hasabynda asgyn geldiler we ýaryşdan çykdylar.
Bu duşuşyk Alwaro Arbeloanyň «Realyň» täze baş tälimçisi hökmündäki ilkinji oýny boldy. Ol Ispaniýanyň Superkubogy ugrundaky finalda «Barselonadan» (2:3) asgyn gelneninden soň wezipesinden boşadylan Habi Alonsonyň ornuna şu hepde bellenipdi.
Ispaniýanyň ikinji diwizionynda çykyş edýän «Albasete» topary üçin bu netije klubuň taryhynda «Real Madridiň» üstünden gazanylan ilkinji ýeňiş hökmünde hasaba alyndy. Iki toparyň iň soňky resmi duşuşygynyň mundan 20 ýyl ozal bolup geçendigini bellemek gerek.
Duşuşygyň gidişine howa şertleri hem öz täsirini ýetirdi. Birinji ýarymyň dowamynda «Albasete» toparynyň meýdançasyny goýy duman gurşap aldy, netijede hatda göni ýaýlymda-da futbolçylary saýgarmak kyn boldy.
«Albaseteniň» düzüminde Betankor dubl edip (82, 90+4), ýeňşe ýardam etdi. Ýene bir goly 42-nji minutda Wilýar öz adyna ýazdyrdy. «Korollyk klubynyň» gollaryny bolsa derwezeden Mastantuono (45+3) we Garsia (90+1) geçirdi.
«Real Madrid» indiki duşuşygyny Ispaniýanyň çempionatynyň çäginde 17-nji ýanwarda «Lewante» toparyna garşy geçirer. 20-nji ýanwarda bolsa madridliler Çempionlar ligasynda «Monako» bilen duşuşarlar.