Madridiň «Real» futbol kluby «Formula-1» boýunça Ispaniýanyň Gran-prisiniň hemaýatkäri boldy. Bu barada «Marca» neşiri habar berýär.
«Real» 11-13-nji sentýabr aralygynda Madridiň etegindäki täze «Madring» trassasynda ilkinji gezek geçiriljek ýaryşyň ýerli hyzmatdaşy derejesine eýe boldy. Şu ýyl Ispaniýanyň Gran-prisi Barselonadan ýurduň paýtagty Madride geçirildi.
Habarda «Madring» trassasynyň «Real Madridiň» türgenleşik toplumynyň golaýynda ýerleşýändigi bellenilýär. Bu hyzmatdaşlyk awtodromyň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, ýaryş günlerinde klubyň infrastrukturasynyň bir bölegini ulanmagyny göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, «Real» Gran-priniň birnäçe myhman zolagyna wekilçilik eder. Guramaçylar klubyň rowaýaty we häzirki oýunçylarynyň, şeýle hem «Realyň» beýleki meşhur wekilleriniň çärelere gatnaşmagyny meýilleşdirýärler.
