Ispaniýanyň La Ligasynda çykyş edýän Madridiň «Realy» ýeňişli ýoluny dowam edýär. «Şa kluby» bu gezek hem garşydaşyna hiç hili mümkinçilik bermezden, güýçli oýny bilen tapawutlandy.
Çempionatyň altynjy tapgyrynyň duşuşygynda «Real» myhmançylykda «Lewantany» 4:1 hasabynda utdy. Duşuşygyň birinji ýarymynda toparyň braziliýaly hüjümçisi Winiusius (28-nji minut) hem-de täze transfer bolan Franko Mastantuono (38-nji minut) öz atlaryny gol geçirenleriň sanawyna ýazdyrdylar.
Arakesmeden soň bolsa «Realyň» fransuz ýyldyzy Kilian Mbappe bary-ýogy iki minutyň dowamynda iki gezek tapawutlandy. Onuň 64-nji we 66-njy minutlarda geçiren gollary duşuşygyň ykbalyny kesgitledi.
Şu möwsümde Mbappeniň hasabynda eýýäm 7 gol we 1 assist bar. Ol häzirki wagtda La Liganyň iň netijeli futbolçysy hökmünde öňdeligi saklaýar.
Şunlukda, Habi Alonsonyň şägirtleri alty duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazanyp, 18 utuk bilen ýaryş tertibinde birinji orny elden bermeýärler. Topar indiki — 7-nji tapgyrdaky duşuşygyny 27-nji sentýabrda geçirer. Bu duşuşyk «Atletiko Madrid» bilen derbi bolup, jaköýerlerde uly gyzyklanma döredýär.
«Barselona» bolsa bäş duşuşykda dört ýeňiş gazanyp, bir oýny deňlikde jemledi. Katalonyň klubynyň ätiýaçda hem bir duşuşygy bar.

