La Liganyň Madridiň «Santýago Bernabeu» stadionynda geçirilen duşuşykda «Real» «Walensiýany» kabul etdi. Oýun ýer eýeleriniň ynamly ýeňşi bilen jemlendi — 4:0.
Birinji gol 19-njy minutda bellige alyndy. Oňa «Realyň» zehinli hüjümçisi Kilian Mbappe awtorlyk etdi. Ol 31-nji minutda toparyny ýene öňe çykardy, Arda Güleriň pasyndan netijeli peýdalanan fransiýaly futbolçy dublyň eýesi boldy. Arakesmä az wagt galanda — 43-nji minutda Winisius Žunior 11 metrlik jerime ugrusyny elinden giderdi. Ol topy göni derwezeçiniň eline gönükdirdi. Muňa garamazdan, 44-nji minutda Federiko Walwerdeniň geçiren topuny wagtynda kabul eden Jud Bellingem toparyna üçünji goly getirmegiň hötdesinden geldi.
Duşuşygyň hasabynyň soňky nokadyny goragçy Alwaro Karrares 82-nji minutda geçiren goly bilen goýdy.
Häzire çenli geçen 11 duşuşygyň netijesinde 30 utuk toplan Madridiň «Realy» Ispaniýanyň çempionatynyň ýaryş tertibinde öňdeligi elden bermeýär. Şondan 7 utuk yza galýan «Wilýarreal» ikinji orunda barýar. 9 utugy bolan «Walensiýa» bolsa ýaryş tertibiniň 18-nji basgançagynda ýerleşdi.

