«Real» ýene-de armanly galdy: «Barselona» Ispaniýanyň Superkubogyny eýeledi

MilliInfo

3 sagat öň

Ispaniýanyň Superkubogynyň final duşuşygynda «Barselona» Madridiň «Realynyň» garşysyna çykdy. Oýun Saud Arabystanynyň Jidda şäherindäki «King Abdulla Sports Siti» stadionynda geçirildi. Hose Munuera Montero duşuşygyň baş emini hökmünde çykyş etdi. Oýun 3:2 hasabynda katalonlylaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

36-njy minutda braziliýaly Rafinýa «Barselonany» öňe saýlady. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynda — 45+2-nji minutda bolsa «Realyň» wingeri Winisius Žunior hasaby deňledi. Şondan iki minut hem geçip-geçmänkä — 45+4-nji minutda hüjümçi Robert Lewandowski katalonlaryň ikinji goluny geçirdi. Bu hasap hem bary-ýogy iki minutlap dowam etdi. 45+6-njy minutda Gonsalo Garsiýa ýene-de hasaby deňledi. 73-nji minutda Rafinýa özüniň ikinji goluny geçirip, dubl etdi.

90+1-nji minutda katalonlylaryň ýarymgoragçysy Frenki de Ýong gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy.

Şeýlelikde, «Barselona» taryhda 16-njy gezek ýurduň Superkubogyny eýeledi. Ýeri gelende ýatlasak, geçen ýylky ýaryşyň finalynda hem Katalonyň kluby «Realy» 5:2 hasabynda ýeňipdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info