«Real» Zidanyň gaýdyp gelmegini isleýär: Perese onuň Fransiýanyň ýygyndysyndan el çekmegini gazanmak başardarmy?

MilliInfo

2 sagat öň

Florentino Peres Zinedin Zidanyň «Reala» dolanmagyna gyzyklanma bildirýär. Bu barada kluba ýakyn çeşmelere salgylanýan meşhur «RMadrid actu» «X» sahypasynda habar berýär.

Habara aýdylşy ýaly, «Realyň» prezidenti Zidanyň Madridiň klubundaky tälimçilik ornuna dolanmagy boýunça alyp barýan işlerini berk dowam etdirýär. Şunlukda, klubuň ýolbaşçylarynyň fransiýaly hünärmeni Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen baglaşan bolmagy ähtimal hasaplanýan deslapky şertnamasyndan el çekmäge yrjak bolýandygy bellenilýär.

2026-njy ýylyň futbol möwsüminde Zidany toparyň başynda görmek «Realyň» meýilnamasynyň möhüm bölegidir.

Ýeri gelende bellesek, Zidanyň 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň topary taşlajak Didýe Deşamyň ornuna geçip, Fransiýanyň milli ýygyndysynyň indiki tälimçisi bolmalydygy hakyndaky habarlar ýaýradylypdy.

Zidan «Realyň» baş tälimçisi hökmünde bu klub bilen yzly-yzyna üç gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolupdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info