«Real» ýene-de «Benfika» bilen duşuşar: Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň bijeleriniň netijeleri

MilliInfo

30 Ýanwar, 2026

30-njy ýanwarda UEFA-nyň Nondaky (Şweýsariýa) ştab-kwartirasynda 2025/26-njy ýyllaryň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň bijeleriniň çekiliş dabarasy geçirildi.

Bijeleriň netijelerini size hödürleýäris:

  • «Benfika» (Portugaliýa) – «Real» (Ispaniýa)

  • «Monako»«PSŽ» (ikisi hem Fransiýa)

  • «Galatasaraý» (Türkiýe) – «Ýuwentus» (Italiýa)

  • «Borussiýa D» (Germaniýa) – «Atalanta» (Italiýa)

  • «Garabag» (Azerbaýjan) – «Nýukasl» (Angliýa)

  • «Brýugge» (Belgiýa) – «Atletiko» (Ispaniýa)

  • «Býode-Glimt» (Norwegiýa) – «Inter» (Italiýa)

  • «Olimpiakos» (Gresiýa) – «Baýer» (Germaniýa)

Ilkinji duşuşyklar 17-18-nji fewralda sanawda birinji görkezilen toparlaryň meýdançalarynda geçiriler. Jogap oýunlary bolsa 24-25-nji fewralda bolar.

Iki oýnuň netijesi boýunça ýeňiş gazanan toparlar Kubok ugrundaky ýaryşy 1/8 finalda dowam ederler. Bu tapgyrda olar ozaldan garaşýan «Arsenal», «Bawariýa», «Liwerpul», «Tottenhem», «Barselona», «Çelsi», «Sporting» we «Mançester Siti» ýaly toparlaryň hataryna goşularlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info