Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyllardaky möwsüminiň umumy tapgyrynyň jemleýji, 8-nji tapgyrynyň 18 duşuşygy geçirildi. Oýunlar geçen agşam — 29-njy ýanwara geçilýän gije boldy.
Žoze Mourinýo «Reala» garşy
Tapgyryň iň çekeleşikli we täsirli duşuşygy Žoze Mourinýonyň «Benfikasy» bilen onuň öňki topary «Real Madridiň» arasynda boldy.
Bu oýunda diňe bir taryhy bäsdeşlik däl, eýsem, uly ýaryş dartgynlylygy hem bardy: «Benfika» ýaryşyň indiki tapgyryna geçmek üçin diňe ýeňiş gazanmalydy, madridlilere bolsa ilkinji sekizlikde galmak üçin ýeňmek gerekdi. Galyberse-de, Žoze meýdançada özüniň ýaş şägirdi Alwaro Arbeloa garşy tälimçilik ussatlygyny görkezmeli boldy.
Oýnuň 30-njy minudynda madridlileriň hüjümçisi Kilian Mbappe kelle urgusy bilen hasaby açdy.
Emma 36-njy minutda ganatdaky hükümçi Andreas Şelderup hasaby deňlemegi başardy. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynda (45+6-njy minut) hüjümçi Wangelis Pawlidis penaltiden «Benfikany» öňe saýlady. 54-nji minutda Şelderup dubl etdi, ýöne 58-nji minutda Mbappe hasaby 3:2-ä getirip, tapawudy azaltdy.
«Reala» iki gyzyl
90+3-nji minutda madridlileriň goragçysy Raul Asensio ikinji sary kartoçkasy sebäpli meýdançadan çykaryldy. 90+7-nji minutda bolsa braziliýaly Rodrigo hem ikinji duýduryşy alyp, gyzyl kartoçka bilen meýdany terk etdi.
Garaşylmadyk jemleme
Ine-de, oýnuň iň gyzykly pursady: 90+8-nji minutda portugallar jerime urgusyny ulanmaga hukuk gazandylar. Mourinýonyň buýrugy bilen derwezeçi Trubin garşydaşyň jerime meýdançasyna ylgady we Ewrsnesiň burçdan geçiren üstaşyr pasyny kelle urgusy bilen tora dürs gönükdirdi. Şeýlelikde, «Benfika» öz derwezeçisiniň geçiren golunyň esasynda kynlyk bilen hem bolsa 24-nji orna çykdy we ýaryşy dowam etdirmäge mümkinçilik aldy. Bu waka hakyky futbol jadygöýligi boldy! Eger bu duşuşygy görmedik bolsaňyz, hökman synyny ýa-da dolylygyna görüň.
Tapgyryň netijeleri we ýaryş tertibiniň ahyrky ýagdaýy:
«Aýaks» – «Olimpiakos» — 1:2;
«Pafos» – «Slawiýa» Praga — 4:1;
«Atletik» Bilbao – «Sporting» — 2:3;
«Atletiko» Madrid – «Bodýo-Glimt» — 1:2;
«Brýugge» – «Marsel» — 3:0;
«Monako» – «Ýuwentus» — 0:0;
«Arsenal» – «Kaýrat» — 3:2;
«Aýntraht» Frankfurt – «Tottenhem Hotspur» — 0:2;
«Baýer» – «Wilýarreal» — 3:0;
«Ýunion» – «Atalanta» — 1:0;
«Mançester Siti» – «Galatasaraý» — 2:0;
«Liwerpul» – «Garabag» — 6:0;
«Barselona» – «Kopengagen» — 4:1;
«PSŽ» – «Nýukasl Ýunaýted» — 1:1;
«Borussiýa» Dortmund – «Inter» — 0:2;
«Napoli» – «Çelsi» — 2:3;
«Benfika» – «Real» Madrid — 4:2;
«PSW Eindhowen» – «Bawariýa» — 1:2.
Ýaryş tertibi nähili görnüşde?
«Arsenal» 24 utuk bilen ýaryş tablisasynyň başyny çekdi. Sanawyň şondan soňky basgançaklarynda Mýunheniň «Bawariýasy», «Liwerpul», «Tottenhem», «Barselona», «Çelsi», «Sporting» we «Mançester Siti» ýerleşdi. Bu toparlar gönüden-göni 1/8 finala ýollanma aldylar.
9-njy orundan 24-nji orna çenli bolan orunlarda bolsa şu toparlar ýerleşdi: «Real» Madrid, «Inter», «PSŽ», «Nýukasl», «Ýuwentus», «Atletiko» Madrid, «Atalanta», «Baýer», «Borussiýa» Dortmund, «Olimpiakos», «Brýugge», «Galatasaraý», «Monako», «Garabag», «Bodýo-Glimt», «Benfika».
Ýaryş bilen hoşlaşan toparlar: «Marsel», «Pafos», «Ýunion», «PSW», «Atletik», «Napoli», «Aýaks», «Aýntraht», «Slawiýa» Praga, «Wilýarreal», «Kaýrat».
Indi bolsa 30-njy ýanwarda, anna güni geçiriljek bije çekişlige garaşýarys. Şeýlelikde, bijeleriň esasynda 9 — 24-nji orunlary eýelän toparlar 1/8 finala çykmak ugrunda goşmaça pleý-off tapgyrynda bäsleşerler.