Amerikanyň meşhur «Consumer Reports» žurnaly her ýyl bilermenleriň we öz okyjylarynyň arasynda geçirýän sowal-jogaplarynyň maglumatlaryny seljerip, her bir täze ýeňil awtoulag üçin çaklanýan ygtybarlylyk indeksini hasaplaýar. Bu pikir soraşmalarda awtoulag eýeleri öz ulaglaryny ulanýan döwürleriniň dowamynda ýüze çykan bökdençlikler we tehniki meseleler barada jikme-jik maglumat berýärler.
Iň soňky geçirilen barlagda žurnalyň bilermenleri 380 000 töweregi awtoulag boýunça alnan jogaplary seljerdiler. Bu bolsa brendleriň, modelleriň we güýç beriji gurluşlaryň görnüşleri boýunça ygtybarlylygyň durnukly kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Umumy netijeler awtoulaglary bahalandyrmak we deňeşdirmek, şeýle hem benzinli, gibrid we doly elektrikli modelleriň arasyndaky tapawudy seljermek üçin ulanylýar.
2026-njy ýylda ýapon brendleri öňdäki ýedi ornuň altysyny eýelediler.
Reýtingiň lideri «Toyota» boldy
66 utuga eýe bolan köpleriň söýgüli awtoulagy öňdeligi saklaýar.
Ondan soňky orunlarda «Subaru» (2-nji orun, 63 utuk) we «Lexus» (3-nji, 60 utuk) markalary ýerleşdi. Bu öndürijiler inženerçilik filosofiýasy, modelleriniň uzak ömürli önümçilik döwri we wagtyň synagyndan geçen tehnologiýalara bil baglamagy bilen tanalýarlar.
«Toyota» awtoulaglary degişli derejede hyzmat edilen ýagdaýynda 300 000 kilometrden gowrak ýol geçmäge niýetlenip öndürilýär. Bu görkezijä önümçiligiň ähli tapgyrlaryndaky berk hil gözegçiligi we ulagyň hatardan çykmak ähtimallygyny peseldýän ýönekeýleşdirilen güýç desgalary arkaly ýetip bolýar.
Şeýle hem «Honda» (4) we «Nissan» (6) markalary ýokary netijeleri görkezip, Ýaponiýanyň uzak möhletleýin we ygtybarly awtoulag tehnikasy pudagyndaky liderligini tassykladylar.
Ýewropaly awtoulag öndürijiler, esasan, reýtingiň ortaky hatarlarynda jemlendiler. Olaryň arasynda iň gowy netijäni «BMW» (5) görkezdi we birnäçe ýapon bäsdeşlerini hem yzda galdyryp, umumy sanawda bäşinji orny eýeledi.
Şol bir wagtda «Audi» (13), «Volvo» (15), «Volkswagen» (16) we «Mercedes-Benz» (19) markalary ortaça 40 bala çenli bahalandyrma aldylar. Bu bolsa agzalan markalaryň ygtybarlylyk görkezijileriniň has pesdigini yşarat edýär.
Elektrik awtoulaglaryny öndürijisi «Tesla» (9) bolsa öňki barlag bilen deňeşdirilende, iň uly öňegidişligi görkezdi. Kompaniýa birbada sekiz basgançak ýokary galyp, dokuzynjy orna çykdy. Bu ösüş «Model 3» we «Model Y» modelleriniň ygtybarlylygy boýunça alnan ýokary bahalar bilen şertlendirilýär. Bu modeller köp ýyllaryň dowamynda geçirilen gurluş kämilleşdirmeleri netijesinde öz ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmagy başardylar.