Iň köp dil ulanylýan ýurtlar barada gürrüň gidende, köpler ilki bilen Hytaý ýa-da Hindistan ýaly demografik ägirtleri ýatlaýarlar. Emma hakyky rekordçy dünýäniň düýp öter başga bir künjeginde ýerleşýär. Ol hem Ýuwaş okeandaky kiçijik ada döwlet bolan Papua — Täze Gwineýadyr.
«World Atlas» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ýerde ilatynyň sanynyň bary-ýogy 8,8 million adamdygyna garamazdan, 840 sany dil bar. Bu bolsa dünýädäki ähli dilleriň, takmynan 12 göterimine deňdir.
Şeýle haýran galdyryjy dil dürlüligi ýurduň üýtgeşik tebigy şertleri we jemgyýetçilik gurluşynyň aýratynlyklary bilen düşündirilýär. Beýik dag gerişleri, geçilmesiz tropiki tokaýlar we çetleşdirilen jülgeler asyrlaryň dowamynda köp sanly jemgyýetleri biri-birinden bölýän tebigy päsgeller bolupdyr.
Papua — Täze Gwineýanyň ilatynyň 80 göteriminden gowragy barmasy kyn bolan oba etraplarynda ýaşaýar. Ýerli jemgyýetleriň köpüsi ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ne biri-biri bilen, ne-de daşky dünýä bilen hiç hili aragatnaşyk saklamandyr. Edil şu çetleşme hem her bir topara öz dillerini we şiwelerini saklap galmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik beripdir.
Dil dürlüligi boýunça dünýäde ikinji orny 711 dili bolan Indoneziýa eýeleýär. Ýer şarynyň iň uly adalar topary (arhipelagy) bolmak bilen, bu ýurt 17 500-den gowrak adany özünde birleşdirýär. Geografiki dagynyklyk bolsa köpsanly özbaşdak dilleriň döremegine täsir edipdir. Olaryň köpüsi diňe aýry-aýry adalarda ýa-da anyk sebitlerde ýaýrap, Indoneziýanyň halklarynyň baý medeni we taryhy mirasyny görkezýär.
Iň köp dilli 10 ýurt şulardan ybarat:
Papua — Täze Gwineýa — 840 dil;
Indoneziýa — 771;
Nigeriýa — 517;
Hindistan — 456;
ABŞ — 328;
Awstraliýa — 312;
Hytaý — 309;
Meksika — 292;
Kamerun — 274;
Braziliýa — 221.
Papua — Täze Gwineýa bilen Indoneziýa adamzadyň dil baýlygynyň açyk mysaly bolup hyzmat edýän bolsa-da, olaryň dünýädäki umumy ýagdaýy has pes görünýär. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, dünýädäki dilleriň, takmynan 40 göterimi ýitip gitmek howpy astynda durýar.
Iň goragsyz diller ýerli halklaryň kiçi dilleri bolup, olar kem-kemden dünýäde has giňden ýaýran iňlis, hytaý (mandarin) we ispan dilleri tarapyndan gysylyp çykarylýar.
