Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

MilliInfo
TDH-nyň arhiwinden
Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Gutlag hatynda şeýle sözler beýan edilýär:

Doglan günüňiz mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, parahat we uzak ömür arzuw edýärin.

Diliň, medeniýetiň, diniň we taryhy kökleriň umumylygyna esaslanýan ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde yzygiderli ösdürilýändigi buýsandyrýar.

Sizi 2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda Antaliýada geçiriljek COP31 Liderler sammitinde görmäge şatdyryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize we ýakynlaryňyza berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info