Ginnesiň rekordy: Dünýäniň iň çalt hereket edýän drony sagatda 657 kilometrlik tizlige ýetdi

MilliInfo

Günorta Afrikadan bolan inženerler Maýk Bell we Lýuk Maksimo Bell (kaka we ogul) «Peregreen 4» atly dünýäniň iň çalt akkumulýatorly drony bilen Ginnesiň rekordyny täzeledi. Bu kämil gurluş sagatda 657 kilometr tizlige çenli bat almagy başardy. Mundan ozalky rekord «Drone Pro Hub» tarapyndan goýlup, ol sagatda 626,44 kilometr tizlige ýetipdi.

«Peregreen 4» drony özünden öňki model bolan «Peregreen 3-iň» binýadynda amala aşyrylan köpsanly inženerçilik kämilleşdirmeleriniň netijesidir.

Bu drona täze gurluş we has kiçijik perler (diametri 7 dýuýmdan 6 dýuýma çenli azaldylan) oturdyldy. Bu tehniki özgertmeler dronyň has netijeli we çalt hereket etmegine getirdi. «Peregreen 4-iň» iň ýokary kuwwaty, takmynan, 12 kW bolup, bu görkeziji «Peregreen 3-iň» kuwwatyndan (16,2 kW) ep-esli pesdir. Muňa garamazdan, tizligiň artmagy enjamyň ulgamlaýyn netijeliliginiň has ýokarydygyny subut edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info