2025-nji ýylda «Toyotanyň» resmi dilerleri Türkmenistanda satuw boýunça iň ýokary derejä ýetdiler: ýubileý müşderilere sowgatlar gowşuryldy

MilliInfo

2 sagat öň

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netijä ýetdi: Kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende, iň ýokary derejä ýetdi.

Bu möhüm üstünlik mynasybetli resmi dilerler — «Beýik Ýüpek Ýoly» we «Garagum Ulag» öz diler merkezlerinde dabaraly çäreleri guradylar.

Çäräniň esasy pursatlarynyň biri ýubileý müşderileri sylaglamak boldy:

— «Beýik Ýüpek Ýoly» diler merkezinde — Annaýew Gurbangeldi

— «Garagum Ulag» diler merkezinde — Atageldi Mätjiew

Çäräniň çäklerinde müşderilere ýörite sowgatlar gowşuryldy — 3 ýylyň dowamynda ýa-da 60 müň km ýol geçilýänçä 6 gezek tölegsiz tehniki hyzmaty öz içine alýan giňeldilen hyzmat ediş bukjasy hödürlendi.

Müşderileriň biri «Beýik Ýüpek Ýoly» diler merkezinden «Toyota Hiace» kysymly awtoulagy satyn aldy — bu ulag täjirçilik işlerinde hem-de maşgala syýahatlarynda giňden ulanylýan amatly we ygtybarly mikroawtobusdyr.

Beýleki bir müşderi bolsa meşhur «Toyota Land Cruiser Prado» awtoulagynyň eýesi boldy — bu görnüş öz köpugurlylygy we ýokary geçijiligi bilen tanalýar, şol sebäpli hem şäher şertlerinde we ýolsuz ýerlerde deň derejede netijeli ulanylýar.

Şunuň ýaly başlangyçlar biziň üçin müşderileriň resmi «Toyota» awtolugalaryna bildirýän ýokary ynamynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar we kompaniýanyň Türkmenistanyň awtoulag bazaryndaky ornuny has-da berkitmäge bolan maksadyny şöhlelendirýär.

«Garagum Ulag» (GU):

Aşgabat ş., Oguzhan köç (Aýtakow)., 7/A — tel.: 43 70 57, +993 65113774

Balkanabat ş., M37 ýoly, 52-nji bina («Balkan Gaz Üpjünçiligiň» ýany) —
tel.: +993 62 87 05 55

«Beýik Ýüpek Ýoly»  (BÝÝ):

Aşgabat ş., Hoja Ahmet Ýasawy köç., 39 — tel.: 76 10 42

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info