«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawody boş iş orunlary hakynda habar berýär we degişli hünäri hem bilimi bolan ildeşlerimizi işe çagyrýar.
Şunlukda, aşakda bellenen wezipeler hödürlenilýär:
Uly ussa (ýokary bilimi we senagat önümçiliginde işlän bolmagy talap edilýär);
1-nji derejeli smena inžener-elektronçy (energetika hünärinden ýokary bilimli bolmaly);
Merkezi laboratoriýanyň başlygy (ýokary himik-tehnolog bilimli bolmaly);
Gaz paýlaýjy stansiýanyň operatory (gazçynyň ygtyýarnamasy gerek)
Töwerekdäki çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça işçi (orta bilimli bolmaly);
Tam süpüriji (orta bilimli bolmaly);
Ýükleýjiler (orta bilimli bolmaly);
Şepagat uýasy (lukmançylyk boýunça orta hünär okuw mekdebini tamamlan bolmaly);
Agaç ussasy (orta bilimli bolmaly).
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawodynyň paýtagtymyzda ýerleşýändigi sebäpli, bu wezipelerde zähmet çekmek üçin Aşgabatda hem-de Ahal welaýatynyň paýtagtyň golaýyndaky sebitlerinde ýazgyda duran ildeşlerimiziň dalaşgärlik edip biljekdigini ýatladýarys we degişli hünäri bolan watandaşlarymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Salgysy:
Aşgabat şäheri Bagtyýarlyk etrabynyň Ruhabat ýaşaýyş toplumynyň Türkmenbaşy köçesiniň 1-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Işgärler bölümi: 24-50-65
Goşmaça: 24-49-13
