Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasynda onuň direktory Mergen Kepbanow bilen daşky gurşawy öwreniş we howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa uniwersitetine («Green University») üstünlikli okuwa giren sekiz talybyň — dört magistrantyň we dört bakalawryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taslama edarasy olara okuwa kabul edilmegiň ähli tapgyrlarynda, şol sanda resminamalary taýýarlamakda we wiza almakda hemmetaraplaýyn goldaw berdi.
Duşuşygyň dowamynda Mergen Kepbanow geljekki talyplary gutlady hem-de ekologik durnuklylyk we «ýaşyl» ykdysadyýet ugurlary boýunça hünärmenleriň täze neslini taýýarlamagyň aýratyn ähmiýetini nygtady.
«Biziň üçin diňe bir ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek däl, eýsem, geljekde daşky gurşawy goramak ulgamynyň ösmegine öz goşantlaryny goşup biljek ýaş hünärmenleri goldamak hem örän möhümdir. Talyplaryň bilim almagyna ýardam bermek mümkinçiligine eýe bolandygymyza örän şatdyrys hem-de olaryň okuw döwründe ele aljak bilimleridir tejribeleriniň geljekki hünär işlerinde uly peýda getirjekdigine ynanýarys» diýip, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar öz hünär meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň ýolbaşçylygy bolsa olara halkara bilim gurşawynda üstünlikli okamaklary üçin gymmatly maslahatlary berdi.
