Ýetginjek boksçularymyz Daşkent şäherinde 15 we 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatyna gatnaşyp, medallaryň 7-sine mynasyp boldular. Şunda ildeşlerimiziň üçüsi hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan bolsa, dördüsi bürünç medal bilen dolanyp geldiler.
Ýetginjekler ýygyndymyz kümüş medallaryň ikisini 15 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda gazandylar. Has takygy, bu ýaş derejesinde Daşoguz şäherindäki 6-njy orta mekdebiň okuwçysy Arslan Rejebow 40, Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Rustam Bahramow bolsa 46 kilograma çenli agram derejesinde finala çenli üstünlikli baryp, kümüş medaly eýelediler. 17 ýaşa çenli boksçularyň arasynda bolsa Gyzylarbat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdepde okaýan ezber türgen Abdurahman Rejebow hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Yklym ýaryşynda milli ýygyndymyzyň bürünç medallarynyň ählisini 17 ýaşa çenli ýetginjeklerimiz gazandy. Bu ýaş derejesinde Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Atabek Hojyýew 46, Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdepden Ezbermuhammet Myratdurdyýew 60, Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdepde okaýan Ýunus Maşaripow 66, şol şäheriň 38-nji orta mekdebiniň okuwçysy Samir Saburow bolsa 80 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal bilen dolanyp geldi.
Yklym ýaryşyna 24 döwletden 500-den gowrak boksçy gatnaşdy. Gazanylan medallar türgenlerimiziň ukyp-başarnyklarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.