Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden innowasion tehnologiýalara gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň 140-a golaýy gatnaşdy.
Bäş ugur boýunça geçirilen ýaryşyň netijelerine laýyklykda, «Päsgelçilikli tizlikli ýaryş» görnüşi boýunça Mary welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gülälek Gurbannazarowa birinji orna mynasyp boldy. «Robot biatlon» ugrunda Aşgabatdan Emir Kulyýew, «Robot bouling» görnüşinde bolsa paýtagtymyzdan Abduljelil Patyşagulyýew iň ýokary netijeleri görkezip, birinji orunlary eýelediler. Şeýle hem «Robot reýs» bäsleşiginde A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Alyhan Akgaýew ýeňiji bolmagy başardy. Ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykaran «Täsin robot» görnüşi boýunça gatnaşyjylaryň 10-sy ýörite sylaglara mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Dabara Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň aýdym-saz toparynyň ruhubelent çykyşlary bilen utgaşdy. Oňa gatnaşanlar okamaga, döwrebap bilim almaga döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.