«First Global»: Türkmen ýaşlary abraýly ýaryşyň «Skill Challenge» ugrundan birinji orny eýelediler

MilliInfo

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan düzülen topar Panama Respublikasynda robot tehnologiýasy boýunça «First Global Challenge 2025» atly halkara bäsleşiginde uly üstünlige eýe boldy. 190 döwletden zehinli ýaşlaryň gatnaşmagy halkara ýaryşa dünýä derejesinde berilýän ähmiýetiň beýanydyr.

Türkmenistanyň «Oguzrobot» atly topary «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bäsleşigiň «Skill Challenge» ugrundan birinji orna mynasyp boldular. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu bäsleşigiň toparlaryň her biriniň tehniki we intellektual başarnyklaryny görkezýän özboluşly ugrudyr.

Bu ugurda ikinji orny Ermenistanyň, üçünji ýeri bolsa Hytaýyň ýaşlary eýelediler.

Halkara bäsleşige gatnaşan türkmen topary Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan ybaratdyr. «Oguzrobot» diýen at bilen halkara bäsleşige çykan topary Ysmaýyl Çaryýew, Emirhan Gylyçmuhammedow, Aznawur Çolukow, Şirmuhammet Gulow, Gurbangeldi Orazgeldiýew ýaly zehinli ýaşlarymyz düzýär. Topara tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edýär.  

Ýeri gelende bellesek, okuwçylar soňky birnäçe aýyň dowamynda «Kämil bilim» okuw merkezinde bu halkara ýaryşa doly taýýarlyk gördüler. Olar dizaýnyny taýýarlamagyň, programma üpjünçiligini ýazmagyň we olary synagdan geçirmegiň dürli tapgyrlaryny alyp bardylar.

«First Global Challenge» – Olimpiýa oýunlary görnüşinde guralýan robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşik. Ol bu gezek ekoulgamyň deňagramlylygyna bagyşlanyp, dünýäniň ýaşlaryna daşky gurşawy goramak boýunça täze çözgütleri hödürlemegi ugrunda öňde goýlan maksatlara gönükdirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo