Robotlar, kodlar we täsin taslamalar: «Ýaş inžener — 2026» bäsleşigi yglan edildi

MilliInfo

6 sagat öň

Robotlar, kodlar we täsin taslamalar: «Ýaş inžener — 2026» bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýaş inžener — 2026» bäsleşigi yglan edildi.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçiriljek ýaryşlar dört ugur boýunça geçer:

  • «BattleBots – Mini» («Robotlaryň göreşi»);

  • «Mission» («Wezipeleri ýerine ýetirmek»);

  • «Erjeller kodlaýar»;

  • «Ýangyna garşy».

Şeýlelikde, «BattleBots» ugry boýunça gatnaşyjylar öz robotlary bilen bäsdeşiniň robotyny hatardan çykarmak ýa-da ony meýdançadan çykarmak üçin ýaryşarlar. «Mission» ugrunda robotlar tennis toplaryny ýygnap, bellenilen zolaklara eltmeli bolarlar. «Erjeller kodlaýar» bäsleşiginde gatnaşyjylar «Scratch» programmirleme dilinde döredilen oýunlary, animasiýalary we beýleki taslamalary hödürlemek mümkinçiligini alarlar. «Ýangyna garşy» ugry bolsa ýangynyň öňüni almaga we ony öçürmäge degişli taslamalar bilen bagly bolar.

Bäsleşikleriň käbirine 7–12-nji synp okuwçylar gatnaşsa, diňe birinde — «BattleBots» ugrunda talyplar ýaryşar.

Gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň 20-nji noýabryna çenli bellige aldyrmalydyrlar. Şeýle-de gelmek-gitmek, naharlanmak we galmak baradaky meseleleri özbaşdak çözmeli bolarlar.

Goşmaça maglumat almak üçin: +993 61 862766.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info