Paýtagtymyzda robot tehnikasy boýunça ýaryş guraldy: ýaş inženerler robotlaşdyrylan gämilerini bäsleşige çykardylar

MilliInfo

19 Awgust, 2025

Fotoetýud

Paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdepde ýaşlaryň arasynda robot gämileriň bäsleşigi guraldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen «Döwrebap maslahat» hususy kärhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň çar künjünden ýaşlaryň 60-a golaýy gatnaşdy.

Ýaryş iki ugur – howuzda gämileriň göni ýüzüşi, päsgelçiliklerden iň çalt geçirmek hem-de suwuň ýüzündäki topjagazlary toplap, bellenen meýdança ýygnamak boýunça geçirildi.  

Şunlukda, ýekeleýin geçirilen gämileriň göni ýüzüşi we päsgelçiliklerden iň çalt geçmek ýaryşynda Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta  mekdebiň okuwçysy, Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleyjisi Ýasin Rahmanow 1-nji orna eýe çykdy.

Bäsleşikler toparlaýyn görnüşde hem ýaýbaňlandyrylyp, suwdan top toplama ýaryşynda Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleýjileri – Arslanhan Toýjanow, Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Sergeý Apresýan, Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Alihan Akgaýew dagynyň topary hormat münberiniň iň ýokarky basgançagynda ornaşdy.

Ýaryş robot tehnologiýalary bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan taýýarlanan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo