Halk Maslahatynyň hem-de Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisi

MilliInfo

26-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeleri we ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisinde onuň gün tertibine girizilen meseleler boýunça çykyş etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy şu gün Ýaşulular geňeşinde ýerine ýetirilmeli işleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýdyp, ýaşulular bilen duşuşyp, hal-ahwal soraşyp, halkymyzyň hal-ýagdaýy barada pikir alyşmak, ýerlerde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleri wagyz-nesihat etmek babatda alnyp barylýan işler, obadyr şäherleriň ýagdaýy barada söhbetdeş bolmakçydygyny nygtady.

«Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibiniň birinji meselesi bolan ýerlerde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan işleri wagyz-nesihat etmek babatda alnyp barylýan işler barada çykyş etmek üçin Ýaşulular geňeşiniň agzalaryna söz berdi.

Mejlisde Aşgabat şäherine wekilçilik edýän ýaşuly I.Saparlyýew Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän maslahatlaşmak, ula-kiçä hormat goýmak däplerine esaslanýan wagyz-nesihat işlerini alyp barýandygyny aýtdy. Şunda halkymyzyň köpýyllyk durmuş hem-de iş tejribesine daýanylýar. Bu bolsa döwrüň wajyp meseleleriniň oňyn çözgüdiniň tapylmagynda ähmiýetli ugur hasaplanýar. Aşgabat şäheriniň wekili öz öňlerinde durýan wezipeleriň mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Ahal welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly G.Aýlyýew sebitiň çäginde ýaşulularyň alyp barýan işleri, olaryň halkyň arasynda bolup, döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütler, öňe sürülýän başlangyçlar babatda wagyz-nesihat çärelerini işjeň dowam edýändiklerini nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantdyr. Häzirki döwürde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Şunda halkymyzyň isleg-arzuwlary öwrenilip, olaryň öndürijilikli işi, abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Balkan welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly A.Begjanowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Diýarymyzyň günbatar welaýatynyň ähli ilaty umumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen giň möçberli işlere mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalary edýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, ýurdumyzda azyk we senagat harytlarynyň bolçulygyna oňyn täsirini ýetirýär.

Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly H.Zahyrowyň belleýşi ýaly, sebitde halkymyzyň eşretli durmuşynyň berkarar bolmagy ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Welaýatyň ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa adamlary täze zähmet ýeňişlerine, belent sepgitlere ruhlandyrýar. Şeýle hem türkmen-özbek serhedinde köpugurly söwda bazarynyň açylmagy iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün etdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Şunda ýaşulularyň wagyz-nesihat işlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek möhüm meseleleriň hatarynda kesgitlenildi. Bu ugurda ýaşuly nesilleriň alyp barýan işlerine aýratyn orun degişlidir. H.Zahyrow çykyşynyň ahyrynda öňde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini nygtady.

Soňra Ýaşulular geňeşiniň mejlisi Lebap welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly E.Talipowyň çykyşy bilen dowam etdi. Häzirki döwürde welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar, obalaryň, şäherleriň keşbi gün-günden gözelleşýär. Bellenilişi ýaly, ýakynda welaýatyň pileçileri uly zähmet üstünligini gazandylar. Lebap topragynda gallanyň bol hasyly kemala getirildi. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly A.Çaryýewe söz berdi. A.Çaryýew häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň batly depginde dowam edýändigini, täze, döwrebap şäherçeleriň peýda bolýandygyny aýtdy. Bu bolsa welaýatyň ilatynyň has-da öndürijilikli işlemegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Sebitiň ýaşululary ilat arasynda ýygy-ýygydan bolup, olar bilen ekerançylyk meýdanlarynda, oba durmuşynda we şäherlerde ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri bilen gyzyklanyp durýarlar. Adamlaryň isleg-arzuwlaryny öwrenýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýaşuly nesliň wekilleri kesgitlenen wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz manyly çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirdi we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işleri amala aşyrmakda, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan ýaşulularyň maslahatlaryna uly ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Soňra Milli Liderimiz gün tertibiniň ikinji meselesi bolan ýerlerde ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara hemaýat bermek boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarowa söz berdi.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdynlygy we abadan durmuşy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini belläp, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara döwlet derejesinde durmuş goldawynyň yzygiderli berilýändigini nygtady. Şunda nesilleriň durmuş goraglylygyny üpjün etmek meselelerine zerur üns berilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işinde halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ynsanperwer ýörelgelerine aýratyn orun degişlidir.

R.Bazarow geňeşiň agzalarynyň çagalaryň mähriban halkymyza, Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri bilen bagly soraglara seredýändigini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň çagalara hossarlyk edip, howandarlyk bilen garap, olaryň halkyň Arkadagynyň beýik adyny götermekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredendigini, şunda Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda hossarsyz çaganyň ýokdugyny, her bir çaganyň arkasynda döwletiň durandygyny, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň durandygyny nygtady. Şeýle hem R.Bazarow Gahryman Arkadagymyza ýakynda doglan we hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenilýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen ýüzlendi.

Hemişe ýurdumyzyň ýaş nesilleri, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalar bilen duşuşmagyň, olaryň hal-ahwaly, saglyk ýagdaýy, okuwy, höwes edýän ugurlary bilen gyzyklanmagyň çagalarda guwanç duýgusyny döredýändigini nygtap, R.Bazarow Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilmeginde aýratyn many bardygyna ünsi çekdi. Şunda çagalary terbiýelemekde, olary edepli-ekramly, ilhalar, Watana wepaly nesil edip ýetişdirmekde ýaşuly nesliň orny uludyr.

Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň teklibini oňlap, bu çaganyň aýlaryň seresi mukaddes Gurban aýynda doglandygyny nazara alyp, oňa Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat berdi. Munuň özi ýurdumyzda sahawatly senelere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolar.

R.Bazarow gün tertibiniň üçünji meselesi boýunça çykyş edip, Ýaşulular geňeşiniň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň işleriň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirýändigini belledi. Düzgünnama laýyklykda, Ýaşulular geňeşi Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hereket edýär. Geňeşiň düzümi Milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanylýar hem-de oňa degişli üýtgetmeler girizilýär. Bu barada aýtmak bilen, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy häzirki wagtda ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde Karar bilen bellenen Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň bardygyny belläp, Arkadag şäherine hem mynasyp wekilçilik etjek ýaşuly agzalar barada Gahryman Arkadagymyzdan öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.

Milli Liderimiz Ahal welaýatyna wekilçilik edýän Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy K.Täşliýewiň, şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäherine hem wekilçilik edýändigini aýdyp, özüniň hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçysy hökmünde Arkadag şäherine wekilçilik etjekdigini belledi.

«Nesip bolsa, geljekde hem mähriban halkymyzyň goldawy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyryp, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginlerde dowam etdireris» diýip, Milli Liderimiz şu gün Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen birnäçe wezipelere seredilendigine ünsi çekdi. «Men siziň her biriňiziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info