Ronaldu nägile: topary utulyp durka çalşylmagy superýyldyzyň keýpini gaçyrdy

MilliInfo

26 Awgust, 2026

Ronaldu nägile: topary utulyp durka çalşylmagy superýyldyzyň keýpini gaçyrdy

Ronaldunyň baş tälimçiniň çözgüdini halamazlygy we oýundan soň janköýerleriň ýanyna çykmazlygy «Al-Nasr» bilen «Al-Ittifak» toparlarynyň arasyndaky duşuşykdan soň hemmeleriň üns merkezinden ornuny tapdy.

25-nji awgustda geçen oýnuň başynda «Al-Nasr» toparyň derwezeçisi Bento gyzyl kart alyp meýdançadan çykaryldy. Şondan soň topar iki gol geçirtdi. Oýun wagtynda pes oýun alyp barýandyklary üçin topardaşlaryna nagileligini görkezendigine garamazdan, Ronaldu olary ruhlandyrjak bolýardy. Şeýle-de bolsa, ikinji ýarymyň başynda «Al-Nasryň» baş tälimçisi Ange Postekoglu Ronalduny çalyşmak kararyna geldi. Kriştianunyň bu karar bilen ylalaşmaýandygy onuň hereketlerinde göründi.

Yöne tälimçiniň bu taktiki çözgüdi netijeli boldy. «Al-Nasr» bir futbolçy kem oýnap, 0:2 hasabynda yzda galýandygyna garamazdan, duşuşygy 3:2 hasabyndaky ýeňiş bilen tamamlandy. Baş rolda Sadio Mane boldy.

Duşuşykdan soň Postekoglu Ronalduny çalyşmak baradaky kararynyň diňe taktiki sebäplere esaslanandygyny aýtdy.

Şeýle-de bolsa, Ronaldu oýundan soň topar bilen bilelikde janköýerleriň öňüne çykyp, ýeňşi baýram etmedi.

Bu oýunda tälimçi Postekogly toparynda superỳyldyzyň bardygyna garamazdan, berk netijäni kabul etmegi başarýandygyny görkezdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info