«Al-Ahli» futbol kluby Saud Arabystanynyň Superkubogyny almak ugrundaky duşuşykda portugaliýaly ýyldyz Kriştianu Ronaldunyň çykyşy edýän klubuny — «Al-Nasry» 11 metrlik urgularyň esasynda ýeňlişe sezewar etdi.
Duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Oýnuň 41-nji minutynda bellenen 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Kriştianu Ronaldunyň goly bilen oýun has-da gyzyşdy. 82-nji minutda bolsa Marselo Brozowiç ikinji goly geçirmegiň hötdesinden geldi. Goşmaça bellenen 6 minutlyk wagtda hasaby deňlemegi başaran «Al-Ahli» toparyndan frank-gan ýarym goragçysy Frank-Kessýe hem-de brazil goragçysy Rožer Ibanes tapawutlandy.
11 metrlik urgular bolsa «Al-Ahli» toparynyň peýdasyna tamamlandy — 5:3. Munuň 2022-nji ýylyň dekabrynda saud toparyna gelen Ronaldunyň şol günlerden bäri finalda sezewar bolan ikinji şowsuzlygydyr. Şol bir wagtyň özünde bolsa portugaliýaly hüjümçi «Al-Nasryň» düzümindäki 100-nji goluny geçirdi we futboluň taryhynda dürli dört klubda hem-de milli ýygyndyda azyndan 100 gezek tapawutlanan ilkinji oýunçy boldy. Ronaldunyň umumy karýerasynda 939 goluň bardygyny, bu netijäniň onuň şeýle görkezijide rekordçy hökmünde bellige alynmagyna getirendigini hem nygtamak gerek.

