Portugaliýanyň futbol ligasynyň resmi saýtynda ýurduň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň ýyldyz futbolçysy Kriştianu Ronaldunyň «Liga Portugal Awards» dabarasynda «Ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy» baýragyny alandygy habar berildi.
Kriştianu Ronaldu bu abraýly baýraga millionlarça adamyň söýgüli futbolçysy we döwrüň futbol dünýäsinde uly yz galdyran nyşany hökmünde mynasyp boldy.
40 ýaşly ýyldyz futbolçy wideo ýüzlenmesinde bu baýragyň özüne gowşurylmagy barada şeýle sözleri paýlaşdy: — «Ähli döwürleriň iň gowy oýunçysy» baýragy üçin Portugaliýanyň futbol ligasyna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Bilşiňiz ýaly, Watanym üçin nämedir bir zat almak — meniň üçin uly mertebe.
Şeýle hem, sişenbe güni Ronaldu Wengriýanyň derwezesine penaltiden geçiren topy bilen, dünýä çempionatlarynyň saýlama oýunlaryndaky gollarynyň sany boýunça dünýä rekordyny gaýtalady. Bu onuň dünýä çempionatlarynyň 49 saýlama oýnundaky 39-njy goly boldy, Şunlukda, onuň statistikasy hasabynda 47 oýunda geçirilen 39 goly bolan Gwatemalanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Karlos Ruisiň görkezijisi bilen deňleşdirdi.

