Ronaldu «Forsaž» filminiň gahrymany bolup biler

MilliInfo

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu «Forsaž» kinofranşizasynyň geljekki bölümlerinde surata düşüp biler.

Filmde ýyldyz futbolçy üçin keşbiň döredilendigi barada amerikan aktýory we prodýuseri Win Dizel habar berdi.

«Hemmeler onuň (Ronaldu barada gürrüň gidýär) «Forsažda» boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny soraýardy. Onuň dogry ýoldan hereket edýän gowy ýigitdigini aýtmalydyryn. Biz onuň üçin ýörite keşp döretdik» diýip, Dizel sosial ulgamlarda ýazdy.

2026-njy ýylda «Forsažyň» 11-nji bölüminiň çykjakdygy we munuň bu filmiň iň soňk seriýasy boljakdygy habar berlipdi.

Ronaldu häzir 40 ýaşynda. Ol «Altyn topuň» bäş gezek eýesi, Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropanyň çempiony we dünýä futbolynyň taryhynda resmi duşuşyklarda iň köp gol geçiren futbolçydyr. 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri portugaliýaly futbolçy Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynda çykyş edýär, mundan ozal ol Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real» we Italiýanyň «Ýuwentus» toparlarynda oýnapdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info