Ronaldu we Benzema öz klublarynda çykyş etmekden ýüz öwürdiler

MilliInfo

2 Fewral, 2026

Kriştianu Ronaldu we Karim Benzema Saud Arabystanynyň klublarynda emele gelen ýagdaýlara öz närazylyklaryny bildirýärler.

Ronaldu Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasynyň (PIF) kluby dolandyryşyndan närazy. Has takygy, ol toparyň transfer syýasatyndan we goýulýan maýa goýumlaryň möçberinden kanagatlanmaýar.

PIF gaznasy «Al-Nasr» we «Al-Hilal» bilen bir hatarda, «Al-Ittihad» we «Al-Ahli» klublaryny hem göni dolandyrýar.

Häzirki wagtda Ronaldu ýurduň çempionatynda «Al-Rýad» toparyna garşy geçiriljek duşuşygy goýbermegi meýilleşdirýär. Oýun 2-nji fewralda (Aşgabat wagty bilen sagat 20:15-de) başlanar.

Karim Benzema bolsa täze şertnamadan ýüz öwürdi we «Al-Ittihad» toparyndan gitmek kararyna geldi. Fransuz hüjümçisi şertnama bilen bagly dörän düşünişmezlikler sebäpli, «Al-Fateh» (2:2) bilen bolan oýny eýýäm goýberdi.

«Al-Ittihad» toparynyň 38 ýaşly merkezi hüjümçisi Karim Benzemanyň «Al-Hilal» klubuna geçmegine garaşylýar. Emma Ronaldu bu geçişe garşy çykýar. Onuň pikiriçe, bu ädim göni bäsdeş toparyň has-da güýçlenmegine getirer.

Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň Pro ligasynyň ýaryş tertibinde «Al-Hilal» birinji, «Al-Nasr» ikinji, «Al-Ittihad» bolsa altynjy orunda barýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info