Şu gün — 5-nji fewralda dünýä futbolunyň taryhyndaky iň görnükli oýunçylaryň biri bolan Kriştianu Ronaldu öz doglan gününi belleýär. Portugaliýaly ýyldyz hüjümçi 41 ýaşyny doldurdy.
Futbol älemi üçin bu birneme uly ýaş hasaplansa-da, Ronaldu özüniň ajaýyp fiziki mümkinçiligi bilen haýran galdyrmagyny dowam edýär. Onuň entek karýerasyny tamamlamak meýliniň ýokdugy äşgär görünýär. Häzirki wagtda Kriştianu öz öňünde goýan belent maksadyna — jemi 1000 gol sepgidine ýetmäge örän golaý geldi.
Häzirki pursatda tejribeli hüjümçiniň hasabynda 961 gol bar. Olaryň:
818-si klub derejesinde;
143-si bolsa Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde geçirildi.
Ronaldu özüniň baý sport ýolunyň dowamynda «Sporting», «Mançester Ýunaýted», «Real» we «Ýuwentus» ýaly uly klublarda çykyş etdi. Häzirki wagtda bolsa Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň düzüminde oýnaýar.
41 ýaşly futbolçy karýerasy boýunça 5 gezek «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy we 5 gezek UEFA Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.
2016-njy ýylda Portugaliýanyň düzüminde Ronaldu Ýewropanyň çempiony boldy.
Hödürlenýän habarlara görä, ol şu ýylyň tomsunda geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesinde futbol meýdanyna çykar.