Ronaldu, Messi, Winisius we Mbappe Dünýä çempionaty – 2026-nyň bosagasynda «LEGO-nyň» mahabat roligine düşdiler

MilliInfo

2 sagat öň

Dünýä belli konstruktor öndürijisi bolan «LEGO» kompaniýasy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan täsirli mahabat kampaniýalarynyň birini hödürledi. Mahabat wideosyna häzirki zaman futbolynyň iň meşhur ýyldyzlary: argentinaly Lionel Messi, portugaliýaly Kriştianu Ronaldu, braziliýaly Winisius Žunior we fransiýaly Kilian Mbappe gatnaşdy.

Wideoda dört futbolçynyň öz mini-figuralaryny tas doly gurlup gutarylan dünýä kubogynyň üstüne goýmaga synanyşýandyklary görkezilýär. Emma olar baýragy her gezek öz taraplaryna çekip, biri-birine päsgel berýärler. Mahabat wideosy: «Her kim bir bölegine eýe bolmak isleýär» diýen jümle bilen tamamlanýar.

00:00 / 00:00

480p

360p
480p

Bu wideo eýýäm millionlarça gezek görüldi we uly gyzyklanma döretdi. Kompaniýa mahabatda surata düşen futbolçylaryň keşbindäki konstruktorlary eýýäm satuwa çykardy. Messiniň, Ronaldunyň, Winisiusyň we Mbappeniň mini-nusgalarynyň her biriniň bahasy 25 dollara durýar.

Belläp geçmeli zat, Messi bilen Ronaldu ilkinji gezek bir mahabatda bilelikde peýda bolanoklar. Katarda geçirilen 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda «Louis Vuitton» moda öýi argentinaly we portugaliýaly futbolçylaryň brendiň özboluşly gutynyň üstünde küşt oýnap oturan bilelikdäki suratyny çap edipdi.

Diňe birnäçe günden soň kompaniýa ýörite wideoşekilleri görkezdi we şol ýazgyda Lioneliň hem-de Kriştianunyň aslynda aýry-aýrylykda surata düşürilendigi mälim boldy. Şol pursata çenli moda öýüniň sosial torlaryndaky paýlaşan suraty 70 milliondan gowrak «laýk» toplapdy.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda üç ýurtda — ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info