Ronaldu «Riu Awe» klubuna garşy geçiren oýunda het-trik bilen tapawutlandy

MilliInfo

8 Awgust, 2025

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby ýoldaşlyk duşuşygynda Portugaliýanyň «Riu Awe» toparyny 4:0 hasaby bilen utdy. Oýun Portugaliýanyň Faru şäherinde geçirildi.

40 ýaşly Kriştianu Ronaldu bu duşuşykda het-trik bilen tapawutlandy. Ol 44-nji, 63-nji we 68-nji minutlarda (şol sanda biri 11 metrlik urgudan) pökgini derwezeden geçirdi. Duşuşygyň 15-nji minutynda bolsa Mohammed Simakanyň bir goly bellige alyndy. Şeýle hem, Ronaldunyň täze topardaşy we ildeşi — hüjümçi Žoau Feliks bu oýunda iki assiste, ýagny ýardam paslaryna öz adyny ýazdyrdy.

«Al-Nasr» kluby 10-njy awgustda Ispaniýanyň «Almeriýa» topary bilen oýnar. 19-njy awgustda bolsa Kriştianu Ronaldunyň topary Saud Arabystanynyň Superkubogy ugrunda «Al-Ittihad» bilen duşuşar.

Kriştianu Ronaldu «Al-Nasr» klubynyň düzümine 2023-nji ýylyň ýanwarynda goşuldy. Ol saud toparynyň düzüminde geçiren 105 resmi duşuşygynda 93 gol we 19 ýardam pasy bilen tapawutlandy. Şeýlelikde, «Altyn topuň» bäş gezek eýesi bu klubda üstünlikli çykyşlaryny dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo