Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu maliýe ýagdaýy bir milliard amerikan dollaryndan geçen ilkinji futbolçy boldy. Bu barada «Bloomberg» neşiri habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, 40 ýaşly portugaliýaly ýyldyzyň baýlygy 1,4 milliard dollara deňdir. «Al-Nasr» toparyna geçmezden ozal, futbolçynyň girdejisiniň esasy bölegini dünýä belli brendlar bilen baglaşan mahabat şertnamalary düzýärdi. Saudyň kluby bilen köpmillionlyk şertnamasyny baglaşanyndan soň bolsa portugaliýaly hüjümçi baýlygyny has-da artdyrdy.
Saudyň klubynyň düzüminde Ronaldu Araplaryň Çempionlar Kubogyny gazandy. Ol topar üçin jemi 111 oýna gatnaşyp, 98 gol geçirdi.
Ronaldu bäş gezek «Altyn topuň» eýesi, bäş gezek Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi, Portugaliýa bilen Ýewropanyň çempiony boldy we dünýä futbolynyň taryhyna resmi oýunlarda iň köp gol geçiren oýunçy hökmünde girdi: 946 gol. «Al-Nasr» toparyndan öň Ronaldu Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real» we Italiýanyň «Ýuwentus» toparlarynda oýnapdy.

