Ronaldu Portugaliýanyň milli ýygyndysyna goşuldy we DÇ-2026-a taýýarlyga başlady

MilliInfo

3 Iýun, 2026

Meşhur ýyldyz Kriştianu Ronaldu milli ýygyndynyň düzümine goşuldy we eýýäm topardaşlary bilen bilelikde türgenleşik işlerine başlady.

Öňümizdäki dünýä çempionaty portugaliýaly oýunçy üçin karýerasyndaky altynjy dünýä birinjiligi bolar. Mundan ozal Ronaldu milli ýygyndynyň düzüminde Ýewropanyň çempiony şeýle-hem iki gezek Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy.

Roberto Martinesiň Maýamidäki türgenleşik toplumynda ýerleşýän ýygyndysy häzirki wagtda Ýewropadan ýene-de birnäçe oýunçynyň gelmegine garaşýar. Toparyň düzümi 6-njy iýunda dolulygyna jemlener. Şol gün topara «PSŽ-niň» düzüminde Çempionlar ligasynda gazanylan ýeňişden soňra birnäçe gün dynç berlen Witinýa, Nunu Mendeş, Žoau Neweş we Gonsalu Ramuş ýaly oýunçylar goşularlar.

6-njy iýunda Portugaliýa Çili bilen, 10-njy iýunda bolsa Nigeriýa bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. DÇ-2026-nyň final tapgyrynyň toparçalaýyn oýunlarynda bolsa topar Kolumbiýanyň, Özbegistanyň we DR Kongonyň ýygyndylary bilen duşuşar.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýun we 19-njy iýul aralygynda geçiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info