Ronaldu klub derejesinde 800 gol geçiren ilkinji futbolçy hökmünde taryha girdi

MilliInfo

19 Oktýabr, 2025

«Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň Saud Arabystanynyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynda «Al-Fateh» (5:1) bilen bolan oýunda geçiren goly onuň klub derejesindäki 800-nji topy boldy. 40 ýaşly hüjümçi taryhda şu görkezijä ýeten ilkinji futbolçydyr.

Bäş gezek «Altyn topuň» eýesi bolan portugaliýaly ýyldyz Madridiň «Real» toparynda 450, «Mançester Ýunaýtedde» 145, «Ýuwentusyň» düzüminde 101, «Al-Nasrda» 99 we «Sporting» toparynda 5 gol geçirdi.

Häzirki wagtda portugaliýaly futbolçy karýerasynda klubda we milli ýygyndynyň düzüminde jemi 949 gol geçirdi.

Ronaldunyň «Al-Nasr» bilen häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo