Ronaldu karýerasynda 14-nji gezek bir senenama ýylynda 40 gol geçirdi

MilliInfo

2 sagat öň

«Al-Nasr» klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu professional kariýerasynda 14-nji gezek bir senenama ýylynda 40 gol geçirmegi başardy. Ol 27-nji dekabrda geçirilen Saud Arabystanynyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynda «Al-Ohdud» topary bilen bolan duşuşykda (3:0) dubl etdi.

Ronaldu şeýle üstünligi 2010-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda, şeýle-de 2020-nji, 2021-nji, 2023-nji hem-de 2024-nji ýyllarda gazanypdy. Portugaliýaly ýyldyzyň iň ýokary netijesi 2013-nji ýylda bolup, şonda ol 63 gol geçiripdi.

«Al-Nasr» Saud Arabystanynyň çempionatynyň ilkinji 10 tapgyrynda mümkin bolan 30 utukdan 30-syny hem toplap, ýaryş tertibinde birinji orunda durýar. Ikinji orundaky «Al-Hilal» bolsa öňdebaryjydan dört utuk yza galýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info