Ronaldunyň çykyş edýän topary — «Al-Nasr» Saud Arabystanynyň futbol çempionatynyň altynjy tapgyrynda «Al-Hazm» klubuny ýeňlişe sezewar etdi.
Buraýdda geçen oýun 2:0 hasabynda jemlendi. «Al-Nasryň» gollaryna Žoau Feliks (25) hem-de Kriştianu Ronaldu (79) awtorlyk etdi. Bu Ronaldunyň karýerasyna 950-nji gol hökmünde girdi.
Şeýlelikde, altynjy ýeňşine ýeten «Al-Nasr» utuklarynyň sanyny 18-e ýetirdi we çempionatyň ýaryş tertibinde öňdeligi elden bermeýär. «Al-Hazm» bolsa (5) 14-nji orunda barýar.
Ýeri gelende bellesek, Ronaldunyň iň ýakyn bäsdeşi Lionel Messidir. Amerikanyň «Inter Maýami» klubunyň argentinaly hüjümçisiniň hasabynda 891 gol bar.

