«Al-Nasr» futbol klubunyň hem-de Portugaliýanyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu karýerasyny tamamlamak hakynda ozal aýdan sözlerine düşündiriş berdi. Ýeri gelende ýatlasak, ol noýabryň başynda žurnalist Pirs Morganyň: — Haçan karýeraňy tamamlarsyň? — diýen sowalyna «basym» diýip, jogap beripdi.
«Ýene 10 ýyldan — bu meniň üçin «basym» diýmegi aňladýar. Adamlar meniň «karýeramy ýakynda tamamlaýaryn» diýen sözlerimi «ýarym ýyldan ýa-da bir ýyldan soň» diýip kabul edýärler. Men degişýärin! Ýaşyň belli bir derejä ýetende, aýlary hem çalt hasaplap başlaýarsyň. Futbolda bolsa men gollarymdan lezzet almaga çalyşýaryn. Bilşiňiz ýaly, men 40 ýaşymda we her pursatdan lezzet alyp, öňe gitmek isleýärin.
Öz bedenimiň işjeň ýagdaýdadygyny hem aýdyp bilerin. Milli ýygyndy topardaky oýnum hakynda aýdanymda bolsa men gollary geçirýärin we topara kömek edýärin. Men ýene-de ýeňişleri gazanmak isleýärin. Bu — meniň durmuşym» — diýip bellän Kriştianu Ronaldunyň Saud Arabystanynda geçirilen «TOURISE» syýahatçylyk forumynda aýdan sözlerini «Mundo Deportivo» neşiri sport jemgyýetçiligine ýetirdi.

