«Altyn topuň» bäş gezek eýesi bolmagy başaran Kriştianu Ronaldunyň futbolçylyk karýerasyny tamamlamagy bilen, Portugaliýanyň milli ýygyndysyna ýa-da «Al-Nasr» klubuna tälimçi bolup biljekdigi barada aýdylýar.
42 ýaşyny dolduranda «Al-Nasr» bilen şertnamasy tamamlanýan ýyldyzyň futboly taşlamadyk ýagdaýynda, ýakynda ýyllarda ogly Kriştianu Junior bilen bir meýdançany paýlaşmak mümkinçiligi hem bar.
«Mançester Ýunaýted» klubunyň ozalky tälimçisi Rene Meulenstin «Poker Strategy» saýtyna beren interwýusynda şeýle diýýär:
— Haçan hem bolsa bir gün Kriştianu Ronalduny Potugaliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi hökmünde görüp bilerin. Ol milli ýygyndydan öň tejribe hökmünde haýsydyr bir kluby türgenleşdirip biler. Belki, «Al-Nasra» tälimçi bolar. Hatda Saud Arabystanyň milli ýygyndysyndan hem teklip alyp biler. Aýdanlarymyň ikisi hem bolup bilmejek zat däl. Eger-de, durmuşynda tälimçilik sahypasyny açsa, onda futbolçy döwründäki fiziki taýýarlygy, hemişe ýeňmäge bolan ynamy we beýleki özboluşly taraplary oňa uly goltgy bolar.
Häzirki wagtda Kriştianu Ronaldu bu gürrüňleriň hiç birine jogap bermeýär. Onuň futboly taşlan Dewid Bekham, Rýan Reýnolds we beýleki ýyldyzlar ýaly belli bir futbol klubuny satyn hem biljekdigi aýdylýar.