Russiýa we Türkmenistan Hindi ummanyna çykýan täze demir ýol ugrunyň üstünde işleýär

MilliInfo
Russiýa we Türkmenistan Hindi ummanyna çykýan täze demir ýol ugrunyň üstünde işleýär

Russiýa Federasiýasy Türkmenistan bilen bilelikde Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinden geçip, Hindi ummanynyň kenaryna çykýan demir ýol ulgamyny uzaltmak boýunça işjeň geňeşmeleri alyp barýar. Bu barada RF-niň wise-premýeri Marat Husnullin habar berdi.

Bu strategiýanyň çäklerinde «Hazar deňziniň gündogar aýlawy» logistikanyň esasy ugruna öwrülýär, onda Türkmenistan örän möhüm üstaşyr (tranzit) wezipäni ýerine ýetirýär. Husnulliniň sözlerine görä, demir ýol düzümini ösdürmek bilen bir hatarda, Russiýanyň Ulag ministrligi Merkezi Aziýadan bolan hyzmatdaşlary bilen günorta deňizlerine çykýan awtomobil ugurlarynyň üstünde hem işleýär.

Häzirki geosyýasy ýagdaýlarda Türkmenistan we Merkezi Aziýa sebiti arkaly goşmaça ulag ýollarynyň döredilmegi strategik ykdysady ähmiýete eýedir hem-de ählumumy söwda ýollaryna göni çykyşlary açýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info