2026-njy ýylyň 14-nji oktýabryndan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky konsullyk ýygymlarynyň nyrhnamalaryna üýtgetmeler girizýän 1292-nji belgili Karary güýje girdi.
Resminama okuw we üstaşyr (tranzit) wizalaryndan başga ýagdaýlarda wizalary gyssagly (3 iş gününe çenli möhletde) taýýarlamak üçin nyrhlaryň iki esse ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bahalara täzeden seredilmegi zähmet (iş) wizalaryna we wagtlaýyn ýaşamak üçin ygtyýarnama esasynda berilýän wizalara hem degişli boldy.
Wiza resmileşdirmegiň täze nyrhlary:
Hususy, işewürlik we ynsanperwerlik:
Adaty tertipde: bir gezeklik — 80 $, iki gezeklik — 128 $, köp gezeklik — 240 $.
Gyssagly tertipde: bir gezeklik — 320 $, iki gezeklik — 512 $, köp gezeklik — 960 $.
Syýahatçylyk:
Adaty tertipde: bir gezeklik — 80 $, iki gezeklik — 128 $.
Gyssagly tertipde: bir gezeklik — 320 $, iki gezeklik — 512 $.
Wagtlaýyn ýaşamak üçin ygtyýarnama (РВП) esasynda:
Adaty bir gezeklik — 160 $, gyssagly — 640 $.
Zähmet (Iş) wizalary:
Adaty tertipde: bir gezeklik — 160 $, iki gezeklik — 256 $, köp gezeklik — 480 $.
Gyssagly tertipde: bir gezeklik — 640 $, iki gezeklik — 1024 $, köp gezeklik — 1920 $.
Konsullyk ýygymlarynyň beýleki görnüşleri boýunça nyrhlar üýtgewsiz galdy.
