Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri 1-nji sentýabrdan täze bilim modeline geçer

MilliInfo

29 Ýanwar, 2026

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri häzirki hereket edýän «bakalawriat — magistratura» ulgamynyň ýerini tutjak täze bilim modeline doly geçerler. Bu barada «RIA Nowosti» habarlar agentligine salgylanyp, «MIR-24» habar berýär.

Täze düzgünlere laýyklykda, ozalky «bakalawr — magistr» görnüşiniň ornuna binýatlyk ýokary bilim we ýöriteleşdirilen ýokary bilim ulgamlary giriziler. Saýlanyp alnan hünäriň aýratynlygyna görä, binýatlyk ýokary bilimiň möhleti 4 ýyldan 6 ýyla çenli bolar. Ýöriteleşdirilen ýokary bilim bolsa 1 ýyldan 3 ýyla çenli dowam edip, ol hünär, dolandyryş we ylmy-barlag ugurlaryny öz içine alar.

Esasy täzelikleriň biri hem maliýe şertleri bilen baglydyr. Ozal hünärmen derejesini tamamlan uçurymlar magistraturada mugt (býujet) esasynda okap bilmeýän bolsa, indi bu çäklendirme aýryldy. Mundan beýläk islendik binýatlyk maksatnamanyň uçurymy döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän okuw ýerlerine dalaş edip biler. Şonuň bilen birlikde, aspirantura hünär biliminiň aýratyn derejesi hökmünde belleniler.

Bilim hünärmenleriniň bellemegine görä, bu üýtgeşme çuňňur nazary we tejribe taýýarlygyny talap edýän inženerçilik hem-de ylmy maksatnamalar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Täze model ýokary okuw mekdeplerine bilim esaslaryny saklamak bilen bir hatarda, okuw maksatnamalaryny zähmet bazarynyň hakyky isleglerine görä uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Bu geçiş tapgyry 2022-nji ýylda Bolon ulgamyndan el çekmek we milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlanan işleriň dowamy bolup durýar. Alty ýokary okuw mekdepde geçirilen synag taslamasynyň üstünlikli tamamlanmagyndan soň, bu tejribe ýurduň ähli uniwersitetlerine ornaşdyrylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info