Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetiniň daşary ýurtlular üçin Açyk olimpiadasynyň onlaýn tapgyryna hasaba alyş başlandy

MilliInfo

20 Ýanwar, 2026

Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti daşary ýurt raýatlary üçin uniwersitetiň Açyk olimpiadasynyň onlaýn tapgyryna hasaba durmagyň başlanandygyny yglan etdi.

Munuň özi arzuw edýän uniwersitetiňize okuwa girmäge we Russiýanyň Hökümetiniň ýeňilligi esasynda tölegsiz bilim almaga hakyky mümkinçilikdir.

Olimpiada Russiýanyň raýatlygy bolmadyk daşary ýurt raýatlary, mekdepleriň uçurymlary, ýokary okuw mekdepleriň uçurym talyplary (bakalawr we hünärmen maksatnamasy boýunça) gatnaşyp bilerler.

Olimpiada şu mümkinçilikleri döredýär:

Ýeňijilere:

  • Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýeňilligi boýunça Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetinde tölegsiz bilim almak;

  • «RUDN Brilliant Students» talyp hakyny almak ugrundaky bäsleşige gatnaşmak mümkinçiligi.

Baýrakly orunlary eýelänlere:

  • Ýeňillik boýunça tölegsiz okamak mümkinçiligi (boş ýer bar bolan ýagdaýynda);

  • Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetinde okuw tölegi üçin ep-esli ýeňillik (arzanladyş) almak mümkinçiligi.

Gatnaşmak üçin onlaýn tapgyryň saýtynda hasaba durmaly: olymp.rudn.ru/ru/main

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info