Dokuz aýyň jemleri jemlenildi: Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

MilliInfo

3 Oktýabr, 2026

Dokuz aýyň jemleri jemlenildi: Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si we Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» we «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dokuz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,4 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.

Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabatynda beýan edildi.

Mejlisde oba hojalyk toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hem hasabat diňlenildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew maglumat berdi.

Wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabaty gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijelerini özünde jemläp, degişli döwürde toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,9 göterim berjaý edildi.

Mundan başga-da, söwda toplumyna degişli ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri aýdyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.

Şeýle-de wise-premýer B.Seýidowanyň gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek, milli atçylyk mirasymyzy giňden wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, «Sport» teleýaýlymynda «Bedew» atly täze gepleşik taýýarlanyp başlanandygyny bellemek gerek.

Bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barlan işleriň jemleri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowyň hasabtynda öz beýanyny tapdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda  hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri hem halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylan işler giňişleýin beýan edildi.

Ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň hasabatynda aýdyldy.  Şeýlelikde, toplum tarapyndan amala aşyrylan işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,7 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info