Rowaýata öwrülen Taýson ýeňilmezek Floýd Meýwezeriň garşysyna ringe çykar

MilliInfo

8 Sentýabr, 2025

Boks dünýäsiniň öňki absolýut çempiony Maýk Taýson «X» sosial sahypasynda «Tiz wagtdan» diýen ýazgy bilen bäş agram derejesinde dünýäniň ozalky çempiony Floýd Meýwezeriň garşysyna ringe çykýandygyny yglan edýän suratyny paýlaşdy.

Boks muşdaklarynda uly gyzyklanma döretjek duşuşygyň haçan we nirede geçiriljekdigi barada häzirlikçe anyk maglumat berlenok. Muňa garamazdan, käbir çeşmelerde duşuşygyň 2026-njy ýylda guraljakdygy tassyklanylýar.

Taýsonyň internetde paýlaşan afişasynda bolsa diňe Floýd Meýwezer bilen duşuşygyň bardygy aýdylýar.

Taýson häzirki wagtda 59 ýaşynda. Onuň karýerasynyň dowamynda 59 söweş bar. Şolardan 50-si (44-üsi nokaut) ýeňiş bilen tamamlandy. Şeýle-de, Taýson ýedi gezek ýeňlişe sezewar edildi, iki duşuşyk bolsa geçirilmedik hasaplandy.

Meýwezer 48 ýaşynda. Onuň hasabynda 50 ýeňiş bolup, ýekeje-de ýeňliş ýok.

Şunlukda, ýeňilmezek Meýwezer bilen rowaýata öwrülen Taýsonyň duşuşygy boks muşdaklary üçin gaýtalanmajak sowgat bolar.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo